Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Palestinanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

22:0017.04.2022
0
3183

Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasa we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Palestina Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow « Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini» nygtady. Döwlet Baştutany ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga we özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalar esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Pursatdan peýdalanyp, Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbasa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Palestinanyň halkyna bolsa ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň