Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda çagalaryň arasynda geçirilen tennis festiwaly tamamlandy

21:2217.04.2022
0
4649

Aşgabatda 14 — 16-njy aprelde geçirilen Çagalaryň tennis festiwaly jemlendi. Ol Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda Türkmenistanyň Tennis federasiýasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň bilelikde guramagynda geçirildi. Bu barada «Mir-24» habar berýär.

Bütindünýä saglyk gününe we Tennis federasiýasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan festiwalyň çäginde ýaş türgenler dürli ýaş toparlarynyň arasynda geçirilen tennis ýaryşlaryna gatnaşdylar. Geçirilen ýaryşlara ýaşlaryň 150-den gowragy gatnaşdy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň we ÝUNISEF-iň baýraklary gowşuryldy.

Bulardan başga-da, festiwalyň çäklerinde açyk sapak görnüşli çäre geçirildi. Onda tennis bilen gyzyklanýan çagalar, taýýarlyk derejesine garamazdan, özlerini tennisçi hökmünde synap bildiler.

Tennis festiwaly paýtagtymyzyň iň ýaş ýaşaýjylarynyň 300-den gowragyny özüne çekdi. Olaryň köpüsinde eýýäm tennise bolan gyzyklanma artyp, sportuň bu görnüşi bilen yzygiderli meşgullanmak islegi döredi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň