Soňky habarlar

Arhiw

7-nji martyň birža täzelikleri

03:5208.03.2015
0
3006

Aşgabat, 07.03.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede geçirilen söwdalarda 40 geleşik hasaba alyndy diýip, “turkmenistan.gov.tm.” saýty habar berýär.

Beýik Britaniýadan, Niderlandlardan, BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan telekeçiler daşary yurt puluna Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, polipropileni, nebit önümlerini, russiýaly we owganystanly işewürler bolsa “B” kysymly karbamid hem-de hlorly tehniki magniý (“Türkmenhimiýa DK”) satyn aldylar.

Şeýle hem daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagy, nah-mata ýüplügi, reňklenen tüýjümek düşekçe, iri şahly malyň derisi, garaköli we saryja goýunyň ýüňi, pagta süýümi we beýleki önümler ýerlenildi.

Satyn alyjylar hökmünde Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Belgiýa, BAE, Türkiýe, Owganystan, Malta, Özbegistan, Gyrgyz Respublikasy ýaly ýurtlar çykyş etdi. Geleşikleriň umumy bahasy ABÝ-nyň 45 million 284 müň dollaryna barabar boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 737 müňden gowrak bolan polipropilen we maýdalanan polimer (TNGIZT-iň önümleri) satyn aldylar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň