Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň iki welaýatynda häzirki zaman hassahanalar gurlar

22:4415.04.2022
0
12616

Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly hassahanalar ýakyn wagtda Daşoguz welaýatynda, soňra bolsa Ahal welaýatynyň çäginde gurlup ulanylmaga berler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Türkmenbaşy şäherinde gurlan täze köpugurly hassahananyň açylyş dabarasynda aýtdy.

«Watan» habarlar gepleşiginiň habar bermegine görä, döwlet Baştutany: «Türkmenistanda adamlar, olaryň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi» — diýip, çykyşynyň dowamynda belläp geçdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow: «Sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkidilmegi ugrunda mundan beýläk-de zerur tagallalary ederis» diýdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň