Täze döredilen CAFF guramasy Merkezi Aziýanyň Kubogy ugrundaky futbol ýaryşyny dikeltmegi meýilleşdirýär

03:0608.03.2015
0
3775

Aşgabat, 08.03.2015. “Türkmenportal”.

Merkezi Aziýanyň futbol federasiýasy (CAFF) 2016-njy ýylda CAFF-a girýän ýurtlaryň gatnaşmagynda ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär diýip, federasiýanyň prezidenti Mirabror Usmanow beýan etdi.

Alty döwletiň futbol federasiýalaryny öz içine alýan “Merkezi Aziýa” zolagyny döretmek baradaky çözgüt Aziýa futbol konfederasiýasynyň 2014-nji ýylyň iýunynda geçirilen kongressinde tassyklanylypdy. Bu futbol sport guramasyna Owganystan, Eýran, Gyrgyz Respublikasy, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan girýär.

Özbegistanyň Milli olimpiýa komitetine we futbol federasiýasyna ýolbaşçylyk edýän Usmanow fewralda CAFF-niň prezidentligine saýlanyldy. Assosasiýa Daşkentde ýerleşer.

“Aprelde assosasiýanyň mejlisi geçiriler. Şol duşuşykda ýaryşy geçirmegiň meselelerini ara alnyp maslahatlaşarys. Biz ony maliýeleşdirmek baradaky meseläni çözmeli. Bu ugurda ähli şertler dörediler we täze ýyldan ýaryşlar guralyp başlar” diýip habar beren Usmanowyň sözlerini uff.uz. saýty getirýär. 

Futbol boýunça Merkezi Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryş bary-ýogy iki gezek — 1992-nji we 1994-nji ýyllarda geçirilipdi. Olarda degişlilikde Gazagystan we Özbegistan ýeňiji bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň