Ýewropa ligasynda we Konferensiýalar ligasynda ähli ýarym finalçylar belli boldy

16:3015.04.2022
0
5839

14-nji aprelden 15-nji aprelde geçirilen duşuşyklardan soňra Ýewropa ligasynda we Konferensiýalar ligasynda ýarym finalçylar belli boldy.

Gyzykly duşuşyklardan soňra Ýewropa ligasynyň ýarym finalynda «West Hem» ― «Aýntraht», «Leýpsig» ― «Reýnjers» jübütleri emele geldi.

ÝL-de ýarym finalyň ilkinji duşuşyklary 28-nji aprelde, jogap duşuşyklary bolsa 5-nji maýda geçiriler. Ýaryşyň finaly 18-nji maýda Sewilýa şäherinde bolar.

Konferensiýalar ligasynda bolsa «Lester» «Roma» bilen, «Marsel» bolsa «Feýenord» bilen duşuşar.

B ýaryşda-da ýarym finallar Ýewropa ligasynyňka meňzeşdir. Ýaryşyň final duşuşygy 25-nji maýda Albaniýanyň paýtagty Tiran şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň