“Buzluk eýýamyndaky” belka ahyrsoňy dub gozasyny iýdi

15:3615.04.2022
0
8578
“Buzluk eýýamyndaky” belka ahyrsoňy dub gozasyny iýdi
Surat: daily.afisha.ru

2021-nji ýylda Disney kompaniýasynyň pandemiýa zerarly ýapylan Blue Sky Studios şahamçasynyň suratkeşleri Skrat atly belka barada “Buzluk eýýamy” («Ледниковый период») atly meşhur animasion filmler tapgyryny golaýda jemlediler. Onda galjaň jandar 20 ýyllap kowalap gelýän dub gozasyny iýýär.

Iň ahyrky bölüm The End diýlip atlandyrylýar we ol YouTubedäki Finale ýaýlymynda ýerleşdirildi. Wideonyň ýazgysynda onuň Blue Sky Studios studiýasynyň işgärleri tarapyndan hoşlaşyk sözi hökmünde ýerleşdirilendigi nygtalýar.

Blue Sky Studios studiýasy kowid ýokanjy sebäpli ýüze çykan maliýe kynçylyklary üçin ýapyldy. Bu multfilmleri öndüriji studiýa “Buzluk eýýamy”(«Ледниковый период») serialy, şeýle-de “Rio” («Рио»), “Titan: Zemin heläkçilige uçrandan soň” («Титан: После гибели Земли») we “Robotlar” («Роботы») animasiýalary bilen meşhurlyk gazandy. Skrat atly awysiýdik baradaky multfilmler bu studiýanyň iň soňky taslamasy boldy.

Bu barada MIR24 ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň