MHG we Türkmenistan adam söwdasyna garşy göreş we migrantlara kömek bermek meselesini ara alyp maslahatlaşdy

14:3015.04.2022
1
4872

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Gajiýew bilen gepleşik geçirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, gepleşik onlaýn görnüşinde geçirildi.

Duşuşykda ileri tutulýan ugurlar hökmünde adam söwdasyna garşy göreşmek hem-de migrantlara kömek bermek meselesi barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar «Türkmenistanyň Hökümetiniň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde 2022-nji ýylda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalarynyň meýilnamasynyň» amala aşyrylmagynyň ileri tutulýan ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Hajyýew Türkmenistanyň şu ýylyň 17-20-nji maýynda Nýu-Ýorkda BMG-niň ştab-kwartirasynda geçiriljek Migrasiýa meseleleri boýunça Global Forumyň işine gatnaşmagy göz öňünde tutýandygy barada habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň