Aşgabat, 08.03.2015. “Türkmenportal”.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Çeperçilik sergiler müdirliginiň sergi zalynda 8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli “Bagtyýar döwürde zenan waspy” atly baýramçylyk sergisi guraldy.
Sergide ýurdumyzyň zehinli suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň bahar paslyny hem-de türkmen zenanlaryny wasp edip döreden täsin öwüşginli sungat eserleri görkezildi.
Baýramçylyk serigisinde ýurdumyzyň zehinli zenan suratkeşleri T.Sähedowanyň, Ş.Mämmedowanyň, M.Işangulyýewanyň, G.Hudaýberdiýewanyň, H.Umarowanyň, M.Annanurowanyň, G.Hydyrowanyň, S.Sopyýewanyň, G.Allaberdiýewanyň eserlerine orun berildi.
Şeýle-de Gobelençiler M.Mämmedowanyň we G.Ataýewanyň eserleri sergä baranlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Heýkeltaraş D.Umarowanyň “Gelinler”, «Bedew we gyz”, «Ene» ýaly eserlerinde bolsa zenan dünýäsiniň gözelligini şöhlelendirilýär.