Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Çempionlar ligasynda «Al-Garafa» bilen «Şabab Al-Ahli» deňme-deň oýnady

04:0015.04.2022
0
3504

Şu gün AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 3-nji tapgyrynyň çäginde Kataryň «Al-Garafa» we Birleşen Arap Emirlikleriniň «Şabab Al-Ahli» toparlary duşuşdylar. Jidda şäherindäki Şazada Abdulla al-Faýsal adyndaky stadionda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

44-nji minutda katarlylar Sofýan Hanniniň tapawutlanmagynda hasapda öňe çykdylar. Ýöne «Şabab Al-Ahli» birinji ýarym tamamlanýança, Fede Kartabýa bilen hasaby deňledi.

Yzda galan üç tapgyrdan soň «C» toparçada «Al-Garafa» 5 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär. «Fuladda» hem 5 utuk bar. Şeýle hem «Şabab Al-Ahli» 3, «Ahal» 1 utuk ýygnap bildi.

Ýaryşyň 1/8 finalyna 10 toparçanyň ýeňijileriniň we Günbatar hem-de Gündogar sebitlerinde her birindäki toparçalarda ikinji orny eýelänleriň iň gowy üçüsiniň gatnaşjakdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň