Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi Awazada welosipedli ýöriş geçirdi

23:5914.04.2022
0
4619
Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi Awazada welosipedli ýöriş geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynda saparda bolýar. Bu sapar döwlet Baştutanynyň wezipä girişenden soňra Türkmenistanyň sebitlerine amala aşyrýan ilkinji sapardyr.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron saýtynyň habar bermegine görä, şu gün — 14-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň ýolbaşçy düzüminiň Awazanyň esasy ýollary boýunça welosipedli ýörişi guraldy.

Welosipedli ýöriş «Awaza» sport toplumynda tamamlanyp, soňra bu ýerde ýörişe gatnaşyjylar sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullandylar.

Ýeri gelende bellesek, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Milletler Bileleşiginiň agza döwletleriniň 62-siniň awtordaşlyk etmeginde kabul edilen täze Kararnama Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasy boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna goşant goşmak babatda alyp barýan netijeli işleriniň logiki dowamy bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň