Soňky habarlar

Arhiw

«Fulad» ― «Ahal» duşuşygynda eminleriň halkara topary işlär

21:0014.04.2022
0
3630

Şu gün Jidda şäherinde AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 3-nji tapgyrynyň çäginde «Fulad» ― «Ahal» duşuşygy geçiriler.

«Turkmenportala» mälim bolşy ýaly, duşuşykda eminleriň halkara topary işlär. Duşuşygyň baş emini FIFA-nyň 45 ýaşly emini Ali Sabah Al-Kaýsi (Yrak) bolar. Oňa watandaşlary Ubaýdi Haýder Abdulhasan Ali bilen Amir Dawud Alwindawi ýardam berer. Duşuşygyň ätiýaçdaky emini liwanly hünärmen Ali Reda bolar.

Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahalyň» şu günki duşuşygy «Patyşa Abdalla Sports Siti» stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen agşam sagat 22:15-de başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň