Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Moskwa Halkara uniwersitetiniň Açyk gapylar güni geçiriler

15:2614.04.2022
0
11524

23-nji aprelde sagat 18:00-da Aşgabatdaky «Iş nokady» koworking merkezinde geljekki dalaşgärler üçin Moskwa Halkara uniwersitetiniň Açyk gapylar güni geçiriler.

Bu çäre heniz haýsy ýokary okuw mekdebinde okap bilim almagy kesgitläp bilmedik ýaşlar üçin özboluşly ähmiýete eýe bolar.

Açyk gapylar gününde bilermenler we Moskwa halkara uniwersitetiniň talyplary oňa gatnaşýanlara özlerine mynasyp ugry saýlap almaga hem-de mümkinçiliklerini açmaga ýokary okuw mekdebiniň ýardam etjek aýratynlyklary barada maslahatlary bererler.

Çäre «Berkarar» işewürlik merkeziniň 10-njy gatynda geçiriler we oňa gatnaşmak tölegsizdir.

Çärä gatnaşmak üçin degişli salgydan hasaba alnyp bilersiňiz.

Mundan ozal, Türkmenistanda MHU-da uzak aralykdan okuwlary geçmek üçin kabul edilişigiň dowam edýändigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň