Soňky habarlar

Arhiw

TSTB sergisi öz işini 18-nji aprele çenli dowam eder, Setanta Sports Bellator 277-de Ýagşymyradowyň söweşini görkezer we beýleki täzelikler

10:1014.04.2022
0
9764

1. Çarşenbe güni (13-nji aprelde) Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda TSTB-2022-niň sergisine baryp gördi. Döwlet Baştutany hususy telekeçiligiň gazananlarynyň sergisine uly gyzyklanmanyň bardygyny belläp, onuň işini şu ýylyň 18-nji apreline çenli uzaltmagy tabşyrdy.

2. 16-njy aprele geçilýän gije MMA-nyň türkmenistanly söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow bilen braziliýaly Rafael Karwalýo tutluşar. Söweşi Älem TV hemra telewideniýesiniň bukjasyndaky Setanta Sports teleýaýlymynda görmek bolýar.

3. Kosmonawt Oleg Kononenko bäşinji uçuşyna taýýarlyk görýär. Russiýanyň we Türkmenistanyň Gahrymany 2023-nji ýylyň martynda Halkara kosmos stansiýasyna ugradylar. Asly türkmenabatly kosmonawta HKS-da bolan wagtynyň umumy jemi boýunça rekord — 737 günlük rekord degişlidir.

4. 2022-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Özbegistandan Türkmenistana mebel önümleriniň eksport möçberi belli boldy. Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, ilkinji iki aýda özbek işewürleri Türkmenistana 1,5 müň dollarlyk mebel eskport etdiler.

5. 14-16-njy aprelde Aşgabadatdaky Olimpiýa şäherçesinde çagalaryň tennis festiwaly geçiriler. Ýaryşlardan başga-da, guramaçylar gatnaşyjylar üçin sport bäsleşiklerini we beýleki çäreleri taýýarladylar.

6. 23-24-nji aprelde aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary «Nusgawy dünýäsine — Latyn Amerikasyna syýahat» konsertine çagyrylýar. Çäre Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 18:00-da geçiriler.

7. Çempionlar ligasynyň ýarym final jübütleriniň ählisi belli boldy. «Mançester Siti» «Real», «Liwerpul» «Willareal bilen duşuşar. Ilkinji duşuşyklar 26-27-nji aprelde, jogap oýunlar 3-4-nji maýda geçiriler.

8. Ispan alymlary ananas galyndylaryndan özboluşly plastik döretdiler. Alnan material antioksidant täsirli işjeň tebigy birleşmeleri özünde saklaýar. Şol bir wagtda bu hili plastik konteýnerlerde önümleriň saklanyş möhleti düýpli artýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň