Soňky habarlar

Arhiw

Izmirde Halkara marafon geçiriler

16:3613.04.2022
0
1819
Izmirde Halkara marafon geçiriler
Surat: verv.com

17-nji aprelde Türkiýäniň Izmir şäherinde 3-nji MaratonIzmir Halkara marafony geçiriler.

«Anadolu» agentliginiň neşiriniň bellemegine görä, bu çäre Türkiýäniň ýeňil atletika federasiýasynyň, Ýeňil atletikanyň Bütindünýä federasiýasynyň hem-de Izmir şäheriniň dolandyryş merkeziniň goldawy bilen guralar.

Izmir şäheriniň dolandyryş merkeziniň ýaşlar we sport klubunyň ýolbaşçysy Ersan Odaman bu ýylda MaratonIzmir marafonyna 5 müň töweregi türgeniň gatnaşjakdygyny belleýär. 42 kilometr aralyga geçiriljek marafonyň çäklerinde 10 km aralyga ylgaw ýaryşyny guramak hem nazarda tutuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň