Arhiw

Emeriniň topary garaşylmadyk ýagdaýda «Bawariýany» Çempionlar ligasyndan çykardy

09:3113.04.2022
0
2151
Emeriniň topary garaşylmadyk ýagdaýda «Bawariýany» Çempionlar ligasyndan çykardy

Ispaniýanyň «Willarealy» Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyrynyň jogap duşuşygynda Mýunheniň «Bawariýasy» bilen deňme-deň oýnap, ýaryşyň ýarym finalyna çykmaga hukuk gazandy.

Mýunhende geçirilen duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Ýer eýelerinden Robert Lewandowski (52-nji minut), myhmanlardan Samu Çukwueze (88) tapawutlandy. Ispaniýada geçirilen birinji duşuşyk «Willarealyň» peýdasyna 1:0 tamamlanypdy.

Ýarym finalda «Willareal» «Benfika» — «Liwerpul» jübütiniň ýeňijisi bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň