Soňky habarlar

Arhiw

Warşawada «Apple» kompaniýasynyň özboluşly muzeýi dörediler

17:1712.04.2022
0
4181
Warşawada «Apple» kompaniýasynyň özboluşly muzeýi dörediler
Surat: 4pda.to

«Apple Museum Poland» sergisinde «Apple» kompaniýasynyň taryhy ösüşini açyp görkezýän 1600 töweregi eser köpçülige tanyşdyrylar. Tanyşdyryş sergisi Warşawa şäherindäki «Norblin Factory» toplumynda açylar.

4pda.to web saýtynyň habar berşi ýaly, bu tehnologik taryhy sergide kompýuterlerden, telefonlardan, goşmaça enjamlardan, aksessuarlardan hem-de programma üpjünçiliginden başga-da Apple kompaniýasyna degişli bolan özboluşly kontentler, posterler we dürli hili ýadygärlikler hödürlener. Sergide tanyşdyrylýan zatlaryň hatarynda iň esasy eser — Apple I kompýuteriniň oby bilelikde esaslandyryjy Stiw Woznýagyň goly ýerleşdirilip, asyl görnüşe meňzedilip ýasalan nusgasydyr.

«Apple Museum Poland» sergisi eýýäm şu ýylyň aprel aýynda öz işine başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň