Meretgeldi Baýramow Gyrgyzystan ― Türkmenistan futzal duşuşygynyň iň gowy oýunçysy boldy

23:4610.04.2022
0
3384

Türkmenistanly derwezeçi Meretgeldi Baýramow Gyrgyzystan ― Türkmenistan futzal duşuşygyň iň gowy oýunçysy hökmünde saýlanyldy. Bu barada Gyrgyzystanyň Futbol birleşiginiň resmi saýty habar berýär.

Duşuşykda türkmen futzalçylarynyň taryhynda ilkinji gezek Gyrgyzystanyň ýygyndysyny ýeňendigini ýatladýarys. Bişkek şäherindäki «Gazprom» sport toplumynda geçirilen duşuşyk türkmen futzalçylarynyň peýdasyna 3:1 hasabynda tamamlandy.

Baýramowyň bu duşuşykda bir gezek tapawutlanandygyny hem aýtmak gerek. Gyzykly duşuşygyň tamamlanmagyna 45 sekunt galanda derwezeçi garşydaş derwezäniň boş galandygyny gördi we wagt ýitirmän, derwezä garşy batly urgy etdi. Bu urgy netijeli boldy. Şeýlelikde, ol futzal duşuşyklarynyň taryhynda seýrek gabat gelýän wakanyň sebäpkäri bolup, milli ýygyndymyzyň duşuşykdaky üçünji pökgüsini geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň