Soňky habarlar

Arhiw

Türkmensitanyň futzal ýygyndysy eýranly futzalçylardan utuldy

22:4511.04.2022
0
9949

Aziýa kubogy – 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Eýranyň ýygyndy toparyndan 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

Bişkek şäheriniň “Gazprom” sport toplumynda geçirilen bu duşuşyk 3:0 hasabynda Eýran ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy.

Şeýlelikde, geçirilen iki tapgyrdan soň 6 utuk toplan Eýranyň milli ýygyndysy birinji orny eýeleýär. 3 utugy bolan ýurdumyzyň ýygyndy topary ikinji, häzirki wagta çenli utuk toplamadyk Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Maldiwleriň ýygyndy toparlary degişlilikde üçünji, dördünji orunlary eýeleýärler.

Düýn geçirilen birinji tapgyryň çäginde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňlişe sezewar edendigini ýatladýarys.

Saýlama tapgyryň soňky - üçünji tapgyrynda türkmenistanly futzalçylar Maldiw adalarynyň ýygyndy topary bilen duşuşar. Bu duşuşyk ertir, Aşgabat wagty bilen 16:00-da başlanar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi we Günorta sebitde geçirilýän saýlama ýaryşynda Gyrgyz Respublikasynyň, Eýranyň hem-de Maldiwleriň ýygyndy toparlary bilen “A” toparçada bäsleşýär.

Her toparçadan ilkinji iki orny eýelän ýygyndy 2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry bilen 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa kubogynyň final tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik alar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň