Soňky habarlar

Arhiw

«Kyrgyz Sport TV» Türkmenistan ― Eýran futzal duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer

11:5911.04.2022
0
6614

Şu gün Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde Eýranyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Duşuşyk Aşgabat wagty bilen öýlän sagat 16:00-da başlanar. Ol «Kyrgyz Sport TV» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda alnyp görkeziler.

Duşuşygyň Bişkek şäherindäki «Gazprom» sport toplumynda geçiriljekdigini ýatladýarys.

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy saýlama tapgyrdaky ilkinji duşuşygynda Gyrgyzystanyň ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň