Arhiw

Serdar Berdimuhamedow RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi, Turkmenportal TSTB-2022 sergisine gatnaşar, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Gyrgyzystandan üstün çykdy we beýleki täzelikler

10:0711.04.2022
0
8154
Serdar Berdimuhamedow RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi, Turkmenportal TSTB-2022 sergisine gatnaşar, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Gyrgyzystandan üstün çykdy we beýleki täzelikler

1. Şenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Alekseý Owerçugy kabul etdi. RF-niň wise-premýeri Aşgabada Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip geldi.

2. Turkmenportal Türkmenistanyň Senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine gatnaşar. Sergi 12-13-nji aprelde Aşgabatda geçiriler. Çäräniň barşynda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda hususy ulgamyň dürli ugurlaryna ýöriteleşen 200 pawilýon görkeziler.

3. Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy – 2022-niň başlangyç duşuşygynda Gyzgyzystanyň ýygyndysyndan üstün çykdy. Bişkekde geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda tamamlandy. Türkmen toparynyň indiki duşuşygy 11-nji aprelde 16:00-da Eýrana garşy bolar.

4. Belarusyň Ulag ministrligi Türkmenistana ýük gatnawlaryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Ýurduň ulag we kommunikasiýalar ministriniň orunbasarynyň sözlerine görä, ýük gatnawlary hakynda goşmaça rugsatnamalary alyşmak boýunça işler geçirilýär.

5. Daşoguzda britan kompozitory Maks Rihteriň interpritasiýasynda Antonio Wiwaldiniň «Pasyllar» sazynyň konserti geçirildi. Konserti Öwez Baýlyýewiň dolandyrmagynda «Owaz» kamera orkestri ýerine ýetirdi.

6. Saud Arabystany 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek daşary ýurtly zyýaratçylara Mekkede haj parzyny berjaý etmäge rugsat berdi we zyýaratçylaryň sanyny 1 million adama çenli artdyrdy. Şu ýylda musulmanlaryň mukaddes mesgenine haj parzyny 65 ýaşdan uly bolmadyk we COVID-19-a garşy sanjym alanlar ýerine ýetirip biler.

7. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Minskiden türkmen raýatlaryny alyp gaýtmak üçin 11-nji aprelde nobatdaky ýörite uçuşyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Boeing 737-800 uçary arkaly T5786 gatnawyny ýerli wagt bilen 19:00-da amala aşyrmak meýilleşdirildi.


8. Belgiýada salmonellez keseliniň ýaýramagy sebäpli «Kinder» haryt nyşanly önümleri öndürýän Fererro şokolad fabrigi ýapyldy. Azyk standartlary boýunça britan agentligi (FSA) degişli önümler bilen bagly salmonella bilen keselleme ýagdaýlaryny öwrenmäge başlady.

9. SpaceX kompaniýasy Halkara kosmos stansiýasyna syýahatçylary ugratdy. Halkara kosmos stansiýasyna üç sany syýahatçyly we NASA-nyň öňki astronawty bolan Crew Dragon gämisi uçuryldy. Öz petegi üçin kosmos syýahatçylarynyň her biri 55 mln dollar töweregi töledi. Bellenilişi ýaly, syýahat 10 gün dowam eder.

10. Iň kuwwatly Android smartfonlarynyň sanawy neşir edildi. Sanaw 2022-nji ýylyň 1-31-nji marty aralygynda toplanan maglumatlaryň esasynda düzüldi. Dünýäniň ilkinji 10-lugynyň başyny Xiaomi 12 Pro çekdi. Ikinji orunda Motorola Edge 30 Pro, üçünji orunda Realme GT2 Pro ýerleşdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň