Arhiw

Gyrgyzystanyň futzal ýygyndysynyň tälimçisi Türkmenistan bilen bolan duşuşyk barada pikirlerini paýlaşdy

23:5310.04.2022
0
16258

Gyrgyzystanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, gazagystanly hünärmen Amirjan Mukanow Aziýanyň kubogy ― 2022-niň saýlama tapgyrynyň çäginde şägirtleriniň türkmen futzalçylaryndan ýeňilmeginden soňra, bu duşuşyk barada pikirlerini paýlaşdy. Onuň aýdan sözlerini Gyrgyzystanyň Futbol bilelşiginiň resmi saýty şeýle getirýär:

― Hüjümlerimize şowlulyk ýetmedi. Henize çenli bir duşuşuykda şunça şowsuzlyga gabat gelmedim. Ýogsam, mümkinçiligimiz kän boldy. Garaz, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi gowy oýnady.

Öňde Eýranyň ýygyndysy bilen duşuşygymyz bar. Ertir bolsa toparçanyň autsaýderi Maldiwler bilen duşuşmaly. Ertirki duşuşyk hem ýeňil bolmaz, çünki oglanlar bu gün juda ýadadylar».

«A» toparçanyň çägindäki duşuşykda türkmen futzalçylarynyň gyrgyz ýygyndysyny 3:1 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň