Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyryna ýeňiş bilen başlady

20:4610.04.2022
0
10844

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýa kubogy — 2022-niň saýlama tapgyrynyň ilkinji duşuşygynda ýeňiş gazandy.

Bişkek şäherinde geçirilýän Merkezi hem-de Günorta sebitdäki saýlama tapgyryň duşuşyklarynyň çäginde Gyrgyz Respublikasynyň ýygyndysy bilen duşuşan ýygyndy toparymyz 3:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren gollary Allamyrat Kurbanow, Daýanç Garajaýew hem-de derwezeçimiz Meretgeldi Baýramow öz atlaryna ýazdyrdylar.

Bu toparçanyň beýleki duşuşygynda Eýranyň ýygyndy topary Maldiwleriň ýygyndysyny 17:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Saýlama tapgyryň “A” toparçasynda çykyş edýän ýygyndymyz ikinji duşuşygyny ertir Eýran ýygyndysynyň garşysyna geçirer. Bişkek şäherinde geçiriljek bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 16:00-da başlanar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi we Günorta sebitde geçirilýän saýlama ýaryşynda Gyrgyz Respublikasynyň, Eýranyň hem-de Maldiwleriň ýygyndy topary bilen “A” toparçada bäsleşýär.

Her toparçada ilkinji iki orny eýelän ýygyndy 2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry bilen 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa kubogynyň final tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik alar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň