Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly estrada ýyldyzlarynyň baýramçylyk konserti

00:2507.03.2015
0
23126

Aşgabat, 07.03.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde ýurdumyzyň estrada ýyldyzlarynyň gatnaşmagynda “Biz Watanyň läleleri” ady bilen baýramçylyk konserti geçirildi.

Baýramçylyk konserti Döwletliler köşgüniň çagalarynyň köpçülikde ýerine ýetirmeginde “Biz Watanyň läleleri” atly aýdym bilen açyldy. Ýurdumyzyň tanymal aýdymçylary Jumamyrat Gapançaýew “Watanym bar”, Suhanberdi Orazberdiýew “Aýperi”, Akmuhammet Hanow “Türkmen gözeli”, Rasim Geldiýew “Sen gülüm”, Zylyha Kakaýewa “Hymmyl”, Ahmet Orazgulyýew “Leýla”, Selbinýaz Annadurdyýewa “Sen sen”, Annanyýaz Jepbarow “Jadyly söýgi”, Nurgözel Nyýazberdiýewa “Saňa garaşdym”, Şöhrat Saparow “Geregim”, Gurbangeldi Ataýew “Söýýän seni”, Durdy Durdyýew “Bar sende göwnüm”, Ahmet Atajanow “Owadan aý”, Amandurdy Amandurdyýew “Geregim sensiň”, Rahman Hudaýberdiýew “Ýadyňdamy”, Begmyrat Annamyradow “Söýgülim”, Nurýagdy Rejebow “Näzli ýar”, Sahydursun Hojakowa “Söýgüli ýarym”, Gülşat Gurdowa “Hany ýar” hem-de Annaguly Myratdurdyýew “Diňe sen üçin” diýen aýdymlary ýerine ýetirdi.

Baýramçylyk çäresinde Döwletliler köşgündäki çagalaryň Halkara zenanlar gününe bagyşlanan el işleriniň sergisi guraldy.

Hormatly okyjylar! Sizi türkmenistanly estrada ýyldyzlarynyň Döwletliler köşgündäki baýramçylyk konsertinden taýýarlanan fotoreportažy synlamaga çagyrýarys!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň