«Al-Garafa» ― «Ahal» duşuşygy Kataryň BeIN Sports teleýaýlymy tarapyndan göni ýaýlymda görkeziler

11:4610.04.2022
0
5944

AFK-nyň Çempionlar ligasynda geçiriljek «Al-Garafa» (Katar) ― «Ahal» (Türkmenistan) Kataryň BeIN Sports AFC teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziler. Bu barada telekompaniýanyň resmi web saýty habar berdi.

2-nji tapgyryň çägindäki bu duşuşyk gije sagat 01:15-de başlanar. Duşuşyk Saud Arabystanynyň Jidda şäherindäki Şazada Abdulla al-Faýsal adyndaky stadionda geçiriler.

«Al-Garafa» ― «Ahal» duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görkezjek beýleki teleýaýlymlaryň sanawy bilen şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

«Ahalyň» 1-nji tapgyrda BAE-niň «Şabab Al-Ahli» topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň