Röwşen Muhadow: «Ilkinji utuk güýjümize güýç goşdy»

15:3708.04.2022
0
6101

«Duşuşygy ýeňiş bilen hem tamamlap bilerdik, ýöne geçiren golumyzdan soň biraz ünsi gowşatdyk we ýalňyşlyga ýol berdik. Bu ― AFK-nyň Çempionlar ligasy, duşuşygyň ykbaly dessine üýtgäp bilýän ýaryş» diýip, «Ahalyň» tälimçisi Röwşen Muhadow şu gün «Şabab Al-Ahli» bilen bolan duşuşykdan soň aýtdy.

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň resmi saýty şu gün Çempionlar ligasyndaky duşuşykdan soň geçirilen metbugat maslahatynda aýdylanlary paýlaşdy. Çeşmäniň ýazyşy ýaly, «Ahalyň» tälimçisi futbolçylarynyň ýiti hüjümlere mynasyp derejede jogap berip bilendigini aýratyn nygtady. Abdy Bäşimowyň geçiren pökgüsi bolsa toparyň ruhuny göterdi we ýeňşe umytlandyrdy.

― Duşuşyga çynlakaý taýýarlandyk. Ilkinji 25 minutda biraz kösendik, ýöne soňra özümizi dürsäp, «Şabab Al-Ahliniň» tejribeli futbolçylarynyň ýiti hüjümlerinden netijeli gorandyk, özümiz hem hüjümleri guradyk. Ikinji ýarymda bolsa meýdanda biziň toparymyz has güýçlüdi.

Duşuşygyň dowamynda «Ahalyň» jerime urgulary we burçdan oýna girizen pökgüleri garşydaş üçin has howply boldy. Umuman, ilkinji duşuşygymyzda utuk gazanmak bizi ruhlandyrdy. Maksadymyz hüjümlerden gowy goranyp, mümkinçilik bolan hüjüme çykmakdy. Şol maksadymyza ýetdik diýip bilerin ― diýip, çeşme türkmenistanly tälimçiniň aýdanlaryny getirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň