Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumyna 50 töweregi ýurtdan 70-den gowrak wekil gatnaşdy

10:0306.03.2015
0
2773

Aşgabat, 06.03.2015. “Türkmenportal”.

“5-nji martda Stambulda Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumy öz işini tamamlady. Forum milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türk-türkmen işewürler geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy” diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň ýörite synynda aýdylýar. Stambulda ikinji gezek geçirilen uly wekilçilikli işewürler duşuşygyna dünýäniň 50 töweregi ýurdundan 700-den gowrak wekil: öňdebaryjy kompaniýalaryň, abraýly halkara guramalarynyň, maliýe edaralarynyň wekilleri, bilermenler, seljerijiler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň   Türkiýe Respublikasyna ýakynda tamamlanan resmi saparyna gabatlanyp geçirilen forum ýurdumyzyň üstünliklerini we gazananlaryny, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri, Türkiýäniň hem-de beýleki ýurtlaryň kompaniýalary bilen işewür aragatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygyny, daşary ýurtlardan maýa goýumlaryň çekilýändigini, türkmen döwletiniň dünýäniň ykdysady ulgamyna işjeň goşulyşýandygyny halkara jemgyýetçiligine görkezildi.

Oňa gatnaşyjylaryň   pikirine görä, duşuşygyň geçirilmegi maýa goýum babatda ösüşiň täze derejesine çykan Türkmenistanyň dünýäniň esasy işewür toparlary bilen özara hereketleri işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilige eýedir.

Türkmenistanyň Halkara maýa goýum forumynyň çäklerinde Stambulda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň maýadarlar bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. “Özara gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi barada bolup geçen pikir alyşmalaryň barşynda daşary ýurt kompaniýalarynyň we öňdebaryjy maliýe düzümleriniň wekilleri ýurdumyz bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge örän gyzyklanýandyklaryny hem-de dürli pudaklarda täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler” diýlip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň ýörite synynda bellenilýär .

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň