Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň Çempionlar ligasynda «Fulad» ― «Al-Garafa» duşuşygynda hasap açylmady

01:5208.04.2022
0
3060

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 1-nji tapgyrynda Eýranyň «Fulad» we Kataryň «Al-Garafa» toparlarynyň arasyndaky duşuşykda hasap açylmady. 0:0 hasabynda tamamlanan bu duşuşyk Jida şäherindäki Şazada Abdulla al-Faýsal adyndaky stadionda geçirildi.

Toparlar düzüminde Türkmenistandan «Ahal» we BAE-den «Şabab Al-Ahli» hem bolan «C» toparça wekilçilik edýärler.

Bu iki topar mundan ozal AFK-nyň Çempionlar ligasynda bir gezek hem duşuşyp görmändiler.

Ikinji tapgyrda «Fulad» «Şabab Al-Ahli» bilen 10-njy (22:15), «Al-Garafa» bolsa «Ahal» bilen 11-nji aprelde (01:15) duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň