Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýöriş geçirildi

12:4407.04.2022
0
1717

Şu gün ir bilen Aşgabadyň günorta-günbatarynda ýerleşýän «Welosiped» binasynyň ýanyndan welosipedli ýörişe badalga berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, bu welosipedli ýörişe Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrler, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Bu barada «Bereketli toprak» gazetiniň elektron saýtynda habar berilýär.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaraly welosipedli ýörişler Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hem geçildi. Bu günki welosipedli ýörişe welaýatlaryň zähmetkeş halky hem uly höwes bilen işjeň gatnaşdy.

Belläp geçsek, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýakynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi taryhy waka öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň