Soňky habarlar

Arhiw

BAE-niň hokkeý ýygyndysy dünýä çempionatynda türkiýeli hokkeýçileri uly hasap bilen ýeňdi

23:5806.04.2022
0
5413

Birleşen Arap Emirlikleriniň hokkeý boýunça milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň üçünji dziwionynyň «A» toparçasynda Türkiýäniň ýygyndysyny 13:4 (3:0, 5:2, 5:2) hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, BAE-niň ýygyndysy ýaryşda bassyr üçünji ýeňşini gazandy. Mundan ozal olar türkmen hokkeýçilerini 10:4, Taýwanyň ýygyndysyny 10:2 hasabynda ýeňipdiler.

BAE-niň hokkeýçileri indiki duşuşygyny 7-nji aprelde Lýuksemburgyň ýygyndysy bilen geçirer. Olar häzirki wagtda 9 utuk bilen birinji orny eýeleýärler. Ikinji orundaky Türkiýäniň ýygyndysy bolsa 6 utuk toplap bildi.

Lýuksemburgda geçirilýän ýaryş 8-nji aprelde tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň