Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçihanasy welosiped ýörişini gurady

08:2607.04.2022
0
5204

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýöriş gurady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Welosipedli ýöriş çäresi Daşkentdäki «Gök gümmezler» medeni we dynç alyş seýilgähinde geçirildi. Bu çärä Özbegistanyň uniwersitetlerinde bilim alýan türkmen talyplary, şeýle-de türkmen raýatlary we diplomatik wekilhananyň işgärleri gatnaşdylar.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan welosipedli ýörişiň başynda oňa gatnaşyjylar sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek üçin Türkmenistanda alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, 2018-nji ýylda ýurduň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakyndaky taryhy Kararnamasynyň, şeýle hem şu ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilendigini bellediler.

Çeşmäniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Daşkentdäki ilçihanasy 2018-nji ýyldan bäri welosipedli ýörişi yzygiderli gurap gelýär.

Ýadyňyzda bolsa, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň başlangyjy esasynda şu ýylyň 4 — 11-nji apreli aralygynda Aşgabatda ekologiýa çäresiniň geçirilýändigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň