Soňky habarlar

Arhiw

«Ahalyň» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky duşuşyklarynyň başlanjak wagtlary belli boldy

13:0806.04.2022
0
5152
«Ahalyň» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky duşuşyklarynyň başlanjak wagtlary belli boldy

Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahal» futbol toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky duşuşyklarynyň başlanjak wagty anyklaşdyryldy.

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy tarapyndan 41-nji gezek geçirilýän birinji derejeli klublaýyn ýaryşynda «Ahal» «C» toparça wekilçilik edýär. Türkmen futbolçylarynyň garşydaşlary BAE-niň «Şabab Al-Ahli», Kataryň «Al-Garafa» we Eýranyň «Fulad» toparlarydyr. 7 ― 27-nji aprel aralygynda toparlar biri-biri bilen iki gezekden duşuşarlar.

«Ahal» taryhyndaky ilkinji Çempionlar ligasy duşuşygy 7-nji aprelden 8-nji aprele geçilen gije Aşgabat wagty bilen 01:15-de başlanar. Duşuşyk Jidda şäherindäki «Patyşa Abdalla Sports Siti» stadionynda bolar.

«Ahalyň» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky ähli duşuşyklarynyň başlanjak wagty (sagatlar Aşgabat wagty bilen görkezilen)

  • 1-nji tapgyr: «Ahal» ― «Şabab Al-Ahli» (8-nji aprel, 01:15. «Patyşa Abdalla Sports Siti» stadiony, Jidda);
  • 2-nji tapgyr: «Al-Garafa» ― «Ahal» (11-nji aprel, 01:15. Şazada Abdylla al-Faýsal adyndaky stadion, Jidda);
  • 3-nji tapgyr: «Fulad» ― «Ahal» (14-nji aprel, 22:15. «Patyşa Abdalla Sports Siti» stadiony, Jidda);
  • 4-nji tapgyr: «Ahal» ― «Fulad» (18-nji aprel, 22:15. «Patyşa Abdalla Sports Siti» stadiony, Jidda);
  • 5-nji tapgyr: «Şabab Al-Ahli» ― «Ahal» (22-nji aprel, 22:15. «Patyşa Abdalla Sports Siti» stadiony, Jidda);
  • 6-njy tapgyr: «Ahal» ― «Al-Garafa» (27-nji aprel, 01:15. «Patyşa Abdalla Sports Siti» stadiony, Jidda).
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň