Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Türkiýe döwletara gatnaşyklary ösdürýärler

11:0904.03.2015
1
16177

Aşgabat, 04.03.2015. “Türkmenportal”.

Gepleşikler Uly mejlisler zalynda giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen-türk hyzmatdaşlygy meselelerine hemişe üns berýändigi üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip,ýokary derejedäki şu gepleşikleriň döwletara hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýete eýedigini aýdyň tassyklaýandygy, gepleşikleriň gün tertibine ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi, sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň girizilendigini belledi.

Türkiýäniň Baştutany iki döwletiň ählumumy ösüşiň möhüm meselelerine çemeleşmeleriniň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny kanagatlanmak bilen belläp, türk tarapynyň abraýly sebit we halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde Türkmenistan bilen mundan beýläk-de işjeň hyzmatdaşlyk etmäge meýillidigini, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmak, durnukly ösüş üçin şertleri üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen-türk söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň yzygiderli ösýändigini belläp, Türkiýäniň energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat ulgamlary ýaly möhüm ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Türkiýäniň Baştutany döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan gumanitar ulgamda özara gatnaşyklar meselelerine ünsi çekip, bilim, ylym we medeniýet ugry boýunça däp bolan netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady. Syýahatçylyk ulgamynda hem hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler bar. Ýurtlaryň ikisinde hem bu ulgamy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan gol çekilmäge taýýarlanylan resminamalaryň Türkmenistanyň we Türkiýäniň döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge çalyşýandygyna şaýatlyk edýändigini nygtap, taraplaryň gazanan ylalaşyklarynyň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Türkiýäniň Baştutany şu ýylyň Türkmenistan üçin hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagyň 20 ýyllyk şanly senesine beslenendigini belläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny halkara derejede giňden bellenilýän bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Aşgabatda geçiriljek ýubileý dabaralaryna gatnaşmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, şu sapar aýratyn ähmiýetli döwürde geçýär. 2015-nji ýyl — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllyk baýramynyň bellenýän ýylydyr. Şu ýyl biziň döwletimizde Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. 2015-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmeginiň şanly 20 ýyllyk baýramyna bagyşlanan dabaralar we çäreler geçiriler. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türk kärdeşini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk baýramy mynasybetli 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejedäki halkara maslahata hem-de baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin, Türkmenistana sapar bilen barmaga çagyrdy.

Şunda milletiň Lideri şu ýyl Türkiýäniň we bütin türk halkynyň öz taryhyndaky şanly senäni — Çanakkaladaky söweşiň 100 ýyllygyny belleýändigini aýratyn nygtady. Bu söweşde türk halky öz garaşsyzlygy hem-de özbaşdaklygy ugrunda gaýduwsyzlygyň, gahrymançylygyň we edermenligiň aýdyň nusgasyny görkezdi.

Milletiň Lideriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan energiýa serişdelerini howpsuz we ygtybarly üstaşyr geçirmek boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmekde Türkiýe bilen hyzmatdaşlyga örän uly ähmiýet berýär. Ýangyç-energetika pudagynda baglaşylan ylalaşyklar iki ýurduň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň strategiki geljegine gönükdirilendir.

Milletiň Lideri halkara ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek meselesine strategiki ähmiýetli wezipe hökmünde garalýandygyny belläp, bu ugurda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň sebitara we ählumumy derejede möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Milletiň Lideri türkiýeli hyzmatdaşlaryň Türkmenistanyň dokma senagatyny döretmäge möhüm goşant goşandygyny nygtady. Türkmen döwletiniň Baştutany energetika, gurluşyk we ulag pudaklarynda, himiýa senagatynda, gaýtadan işleýän we azyk önümçiligi senagatynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ençeme anyk mysallaryny getirip boljakdygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Türkmenistanyň oba hojalyk önümçiliginde we azyk senagatynda hem türk doganlarymyzyň gatnaşmagynda köpsanly taslamalar durmuşa geçirildi.

Syýahatçylyk pudagynda hem netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň