Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanyň futzal ýygyndysy täjigistanly futzalçylary ýeňdi

09:0005.04.2022
0
2825

Gyrgyzystanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Täjigistanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip, 6:5 hasabynda ýeňiş gazandy.

Duşuşyk Bişkekdäki «Gazprom» sport toplumynda ýapyk görnüşde geçirildi.

Bu duşuşyk iki ýygyndynyň hem Aziýanyň kubogy ― 2022-niň saýlama tapgyryna taýýarlygyň möhüm bölegi bolar. Saýlama duşuşyklar 10 ― 13-nji aprel aralygynda gyrgyz paýtagtynda geçiriler.

Gyrgyzystanyň ýygyndysy ýakynda Özbegistanda hem iki ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip, ýerli ýygyndydan 2:4 we 1:2 hasaplary bilen asgyn gelipdi.

Gyrgyzystanyň ýygyndysynyň saýlama tapgyryň «A» toparçasynda ýaryşýandygyny ýatladýarys. Bu toparçada Türkmenistanyň ýygyndysy hem bar. Türkmen futzalçylary saýlama tapgyrdaky ilkinji duşuşygyny 10-njy aprelde Gyrgyzystanyň ýygyndysy bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň