Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň hokkeý ýygyndysy dünýä çempionatyna şowsuz başlady

23:1203.04.2022
0
6522

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynyň «A» toparçasyndaky ilkinji duşuşygyny şu gün — 3-nji aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndysy bilen geçirdi.

Lýuksemburgyň Kokelşýoýe şäherindäki buzly sport toplumynda geçirilen oýunda ildeşlerimiz 4:10 hasabynda ýeňlişe sezewar boldy.

Häzirki wagtda BAE-niň ýygyndysy IIHF-niň reýtinginde 44-nji orny eýeleýär, olar Türkmenistandan dört basgançak ýokardadyr.

Türkmenistanyň we BAE-niň ýygyndylary iň soňky gezek 2018-nji ýylyň 25-nji fewralynda dünýä çempionatynyň Bosniýa we Gersegowinanyň Saraýewo şäherinde geçirilen saýlama tapgyrynda duşuşypdylar. Bu duşuşyk türkmen hokkeýçileriniň 4:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Türkmenistanyň ýygyndysy indiki duşuşygyny 5-nji aprelde, Aşgabat wagty bilen 22:00-da Lýuksemburga garşy geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň