Arhiw

“Türkmenistan — BMG: umumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk”

15:3303.03.2015
0
4998

Aşgabat, 03.03.2015. «Türkmenportal».

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň binasynda “Türkmenistan — BMG: umumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” ady bilen Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 23 ýyllygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýty (www.mfa.gov.tm) habar berýär.

Maslahatyň işine Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilleriniň, halkara guramalarynyň işgärleri, Türkmenistanyň ýaş diplomatlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda çykyp geplänler “Bitaraplyk we parahatçylyk” ýyly diýlip yglan edilen, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň bellenilýän ýylynda Türkmenistanyň BMG we onuň düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem özara bähbitli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge, tutuş sebitde we dünýäde howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdiriljekdigini bellediler.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň