Soňky habarlar

Arhiw

Lukmanlaryň maslahaty: sepgitde saglygyňyza ünsli boluň!

02:3203.03.2015
0
5645

Aşgabat, 03.03.2015. “Türkmenportal”.

“Pasyllaryň her biriniň özüne ýeterlik gözelligi bar, ýöne muňa garamazdan, olar çalyşýan döwründe adama belli bir derejede öz täsirini ýetirýär. Aýratynam, gyş pasly öz ornuny ýaza geçirýän sepgidinde bedenimizde zerur maddalaryň ýetmezçiligi duýulýar hem-de kesele garşy duruş (immun) ulgamy peselýär” diýip, lukmanlar ýazyň ilkinji günlerindäki ütgeşmeler bilen habardar edýärler.  

Şonuň netijesinde bu döwürde ýokançly dümew keselleriniň ýüze çykmagy hem-de bedeniň içki agzalarynda hroniki (dowamly) geçýän (ýürek-damar, dem alyş, iýmit siňdiriş ulgamlarynyň, agyz boşlugynyň we gulak-burun) keselleriň ýitileşmesi ýüze çykýar.

Sepgitde ýokarda bellenilip geçilen keseller ýüze çykanda ýa-da dowamly keseller ýitileşende, haýal etmän, öz maşgala lukmanlaryňyza ýüz tutup, barlaglardan geçiň we lukmanyň maslahatyna eýerip bejergi alyň hem-de onuň gözegçiliginde boluň!

 Özbaşdak derman serişdelerini kabul etmek maslahat berilmeýär. Şeýle-de sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip bedenterbiýe-sport bilen başarnygyňyza görä yzygiderli meşgullanmaly, maşklary etmeli, ertir-agşam tämiz howada gezelenç etmeli, kadaly iýmitlenmegiň we arassaçylygyň kadalaryny berjaý etmeli, pasyla görä geýinmeli.

-Pasyl çalyşan döwründe gök, süýt önümleri, kakadylan miweler we olardan taýýarlanan içgiler örän peýdalydyr. Bu möwsümde bedende maddalaryň çalyşmasy we immun ulgamyny kadalaşdyrmak zerurdyr, şeýle hem zyýanly endiklerden daşda durmaly - dilip, lukmanlar maslahat berýärler.    

Habar beriş serişdeleriniň materiallary esasynda taýýarlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň