Türkmenistan FIFA-nyň täzelenen reýtinginde 134-nji orny eýeledi

23:5031.03.2022
0
11268

Şu gün — 31-nji martda Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň reýting-sanawyny täzeledi.

Täze sanawyň başyna Braziliýa geçdi. Belgiýa we Fransiýa 2-3-nji orunlary eýeleýär.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň sanawdaky ýeri üýtgemedi — 134-nji orun. Milli ýygyndymyzyň 1117,60 utugy bar. Türkmen futbolçylary sanawda Filippinler bilen Latwiýanyň aralygynda ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň