Türkmenistanyň we Owganystanyň Daşary işler ministrleri Tunsi şäherinde gepleşik geçirdiler

23:5030.03.2022
0
5758

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Amir Han Mottaki bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Tunsi şäherinde Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygynyň çäginde gepleşik geçirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini bellediler. Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlaryndaky wajyp meselelerine seredip geçdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar şu ýylyň ýanwar aýynda owgan ministriniň Türkmenistana saparynyň dowamynda geçirilen türkmen-owgan gepleşikleriniň netijeliligi barada nygtap geçdiler.

Diplomatlar howpsuzlygy üpjün etmek boýunça türkmen-owgan gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem işjeňleşdirilmeginiň wajypdygyny aýratyn bellediler.

Çeşmäniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi we demirýol taslamalary ýaly infrastruktura taslamalarynyň işiniň gidişi barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 29 – 31-nji martynda Hytaý Halk Respublikasynyň Huanşan şäherinde gulluk iş saparynda bolup, Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky üçünji duşuşygyna we Owganystanyň goňşy ýurtlary+Owganystan dialogynyň işine gatnaşandygyny bellemek gerek.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň