Polşa bilen Portugaliýanyň futbol ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy

07:0030.03.2022
0
2524

Portugaliýanyň we Polşanyň milli ýygyndylary 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynda oýnar. Pleý-offuň finalynda Portugaliýa Demirgazyk Makedoniýany (2:0) ýeňdi, Polşa bolsa öýünde Şwesiýadan (2:0) üstün çykdy. Portugallaryň gollarynyň ikisini hem 32-nji we 65-nji minutlarda Bruno Fernandes, Polşanyň gollaryny 49-njy minutda penaltiden Robert Lewandowski hem-de 72-nji minutda Piotr Zielinski geçirdi.

Şeýlelikde, portugaliýalylar dünýä çempionatynda yzly-yzyna altynjy gezek, polýaklar bolsa ikinji gezek oýnar.

Katarda geçiriljek çempionatda “Mançester Ýunaýtediň” hüjümçisi Kristiano Ronaldo we “Bawariýanyň” hüjümçisi Robert Lewandowski oýnap biler.

Şonuň ýaly-da, “Milanyň” şwesiýaly oýunçysy Zlatan Ibrahimowiç çempionata gatnaşyp bilmez.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň