Türkmenistanda ýazky oba hojalyk möwsüminde işler gyzgalaňly alnyp barylýar

16:2629.03.2022
0
7492

28-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň wajyp meselelerine garady.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňledi.

Döwlet Baştutanyna şu günler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişi guramaçylykly alnyp barylýandygy, şeýle-de şu güne çenli Türkmenistan boýunça jemi 19 müň 561 gektar meýdanda gowaça ekişiniň geçirilendigi barada hasabat berildi. Hasabatda bellenilişi ýaly, gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek boýunça zerur işler edilýär. Daşoguz welaýatynda şu ýylyň 30-njy martynda gowaça ekişine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.

Wise-premýer E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň welaýatlarynda gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan bugdaý meýdanlarynda ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak boýunça degişli işleriň dowam edýändigi barada hasabat berildi.

Şeýle hem ilaty içerki önümler — ýeralma we gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada habar berlip, bu ugurda häzirki wagtda Türkmenistanyň welaýatlarynda ekilen 30 müň gektar ýazlyk ýeralma we 10 müň gektar sogana agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini geçirmek işleriniň dowam edýändigi bellenildi.

Wise-premýer hasabatyny dowam edip, şu ýylda ýurtda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň jemi 3 million düýp nahalyny ekmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Häzir ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan ýazky möwsümde meýilleşdirilen bag nahallaryny ekmek we olara ideg boýunça işler dowam etdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek üçin tehnikalary hem-de gurallary bökdençsiz işletmek boýunça mundan beýläk-de hemme çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri talabalaýyk geçirilmeligi barada degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutany Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilýän ýazlyk ýeralma we sogan ekilen meýdanlara agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg edilmegini hem-de beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işleriniň üpjün edilmegini belläp, Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň çäklerinde badalga berlen ýazky bag ekmek möwsüminiň örän möhümdigine ünsi çekip, ekilýän bag nahallarynyň we olara ideg edilmeginiň bildirilýän talaplara laýyk alnyp barylmagyny üpjün etmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň