Türkmen paýtagtynda sport tanslary boýunça ikinji milli ýaryş geçirildi

11:0102.03.2015
0
6576

Aşgabat, 02.03.2015. “Türkmenportal”.

“Aşgabat” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda geçirilen sport tanslary boýunça “Türkmen bahary — 2015” ýaryşy 8—25 ýaş aralygyndaky tansçylaryň 100-den gowragyny jemledi. Bäsleşikler Ýewropa we Latyn Amerikasy ýurtlarynyň tanslarynyň on ugry: haýal we wena  walsy, tango, çalasyn we haýal fakstrat, samba, rumba, ça-ça-ça, jaýw we pasodobl ýaly görnüşleri boýunça geçirildi diýip, Türkmenistanyň habarlar agentligi habar berýär.

Bu Türkmenistanyň sport tanslary federasiýasy tarapyndan guralan ikinji ýaryşdyr. Federasiýanyň başlygy Jemal Baýramowanyň bellemegine görä, Türkmenistanyň ilkinji çempionatyndan bäri geçen iki aýda oňa gatnaşyjylaryň ussatlygy görnetin ýokarlandy. Mysal üçin, geçen ýaryşyň kümüş medalyny eýelän Artur Lotfullin — Ýuliýa Çebotar ikiligi bu gezek hormat münberiniň ýokary basgançagyna çykdy.

Beýleki ugurlarda: Aly Rejepow — Darýa Makarkina we Wladimir Paraskunow — Milana Sultanbekowa, jübütleriň arasynda Elnara Gaýliýewa, Rabiýa Allaýarowa we Lidiýa Gogalýowa baýrakly orunlary eýelediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň