Şu gün Katar ― 2022 dünýä çempionatynyň Aziýa yklymy boýunça üçünji saýlama tapgyrynyň 10-njy duşuşyklary geçiriler. Şu duşuşyklar hem mundialyň öňündäki soňky saýlama duşuşyklar tamamlanar.
Bu tapgyrda yklymyň iň güýçli 12 ýygyndysynyň ýaryşýandygyny ýatladýarys. Olar Katara gitmäge rugsat berýän dört ýollanma üçin göreş alyp bardylar. Ýene bir ýygyndy bolsa yklymara duşuşyklarynyň netijesinde dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanyp biler. Munuň üçin toparçada üçünji orny eýelän ýygyndylar ilki biri-biri bilen (iki duşuşyk) duşuşar.
«A» toparçada Koreýa Respublikasy bilen Eýranyň dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanandygyny ýatladýarys. Şu gün geçiriljek duşuşyklara çenli toparçada Koreýa Respublikasynyň 23, Eýranyň 22 utugy bar. Tamamlaýjy tapgyrda esasy göreş üçünji orun ugrunda bolar. Häzir BAE-niň 9, Yragyň 8, Liwanyň 6, Siriýanyň bolsa 5 utugy bar.
«B» toparçada 15 utukly Awstraliýa üçünji orundaky ýerini berkitdi. Ýygyndy indi «A» toparçadan geljek garşydaşa garaşýar.
10-njy tapgyryň duşuşyklary:
- Ýaponiýa ― Wýetnam
- Eýran ― Liwan
- BAE ― Koreýa Respublikasy
- Siriýa ― Yrak
- Oman ― Hytaý
- Saud Arabystany ― Awstraliýa
Toparçalardaky ýagdaý (28.03.2022 ý. senesine çenli)
«A» toparça
Orun |
Ýygyndy |
Oýun |
Ýeňiş/deňlik/ utulyş |
Pökgi tapawudy |
Utuk |
---|---|---|---|---|---|
1 |
Koreýa Respublikasy |
9 |
7/2/0 |
13-2 |
23 |
2 |
Eýran |
9 |
7/1/1 |
13-4 |
22 |
3 |
BAE |
9 |
2/3/4 |
6-7 |
9 |
4 |
Yrak |
9 |
1/5/3 |
5-11 |
8 |
5 |
Liwan |
9 |
1/3/5 |
5-11 |
6 |
6 |
Siriýa |
9 |
1/2/6 |
8-15 |
5 |
«B» toparça
Orun |
Ýygyndy |
Oýun |
Ýeňiş/deňlik/ utulyş |
Pökgi tapawudy |
Utuk |
---|---|---|---|---|---|
1 |
Ýaponiýa |
9 |
7/0/2 |
11-3 |
21 |
2 |
Saud Arabystany |
9 |
6/2/1 |
11-6 |
20 |
3 |
Awstraliýa |
9 |
4/3/2 |
15-8 |
15 |
4 |
Oman |
9 |
3/2/4 |
9-10 |
11 |
5 |
Hytaý |
9 |
1/3/5 |
9-17 |
6 |
6 |
Wýetnam |
9 |
1/0/8 |
7-18 |
3 |