«Arzuw haly» dükany türkmen we eýran namazlyklarynyň köp dürli görnüşlerini hödürleýär

15:1428.03.2022
0
4917

«Arzuw haly» dükanynda her bir musulman öýüniň bezegi hasap edilýän namazlyklaryň dürli hili görnüşleri alyjylar köpçüligine ýetirilýär.

Türkmen we eýran halyçy hünärmenleriniň taýýarlan namazlyklary hiliniň gowulygy, reňkleriniň aýdyňlygy hem-de gölleriniň owadanlygy bilen tapawutlanýar.

Mukaddes Remezan aýynyň öňüsyrasynda ajaýyp sowgatlyk hökmünde öýleriň gelşigine öwrüljek namazlyklara uly isleg bildirilýär, olaryň ykjam göwrümde dokalandygy bolsa namazlygy ýanyňda götermäge mümkinçilik berýär.

«Arzuw haly» dükanynda halylardyr halyçalary göwrümine, reňkine, materialyna we beýleki aýratynlyklaryna görä, islendik öý bezegine kybap görnüşde saýlap bolýandygyny ýatladýarys.

Dükanyň köpdürli harytlary bilen şu salga baryp tanşyp bilersiňiz: G.Kulyýew köçesi, «Beýik bina» söwda toplumynyň binasy. Şeýle-de dükanyň Mary we Lebap welaýatlarynda hem şahamçalary bardyr.

Mundan başga-da, «Arzuw haly» dükanyndan halylary onlaýn görnüşde ýa-da IMO messenjeri arkaly +99362365566, +99361937333 (Mary), +99364700661 (Lebap) telefon belgileri boýunça, şeýle-de arzuwhalyashgabat@mail.ru elektron salgysyndan habarlaşyp satyn alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň