Soňky habarlar

Arhiw

«Ýakyndar» awtoulag şaýlarynyň dükany harytlaryny 50% arzanladar

13:2528.03.2022
0
4967
«Ýakyndar» awtoulag şaýlarynyň dükany harytlaryny 50% arzanladar

Türkmenistanyň awtoulag ätiýaçlyk şaýlaryny alyjylara ýetirýän iň bir uly internet dükanlarynyň biri bolan «Ýakyndar» onlaýn dükany 1—30-njy aprel aralygynda ähli harytlaryna 50%-e çenli arzanladyş yglan edýär. Dükanda satylýan awtoulag şaýlarynyň hatarynda tekerler, akkumulýatorlar, awtoulag ýaglary, tormoz suwuklyklary, antifrizler, süzgüçler hem-de ulaglar üçin zerur beýleki düzüm bölekleri bar.

«Ýakyndar» tarapyndan hödürlenýän harytlaryň ähli görnüşleri bilen dükanyň internet saýtynda tanşyp bolýar. Harydy satyn almak üçin bolsa web saýtda hasaba durup, onlaýn sargyt etmek ýeterlikdir. Edilen söwdanyň tölegi nagt we nagt däl görnüşde (bank karty arkaly), şeýle-de onlaýn kabul edilýär.

Ýene-de bellemeli zatlaryň biri, «Ýakyndar» internet dükanyndan islendik harydy 8 aý möhlet bilen garaşaryna almak mümkinçiliginiň bolmagydyr.

Internet dükany öndürijiler bilen işjeň hyzmatdaşlygynyň esasynda harytlaryň ýokary hili bilen birlikde olaryň amatly bahalaryny hem kepillendirýär.

  • «Sailun», «Westlake» hem-de «Apollo» haryt nyşanly tekerler

  • «Vitex», «Sintec» we «Castrol» haryt nyşanly motor ýaglary

  • «Yigitakü», «Rigel», «Varta» akkumulýatorlary

  • «MagicCar», «Pioneer», «Xiamo» kompaniýalarynyň awtoulaglar üçin aksessuarlary

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň