Soňky habarlar

Arhiw

Täjigistan Türkmenistan bilen söwda dolanyşygyny 6,1 esse artdyrdy, Turkmenportal priloženiýasynyň işindäki näsazlyklary aradan aýyrdy we beýleki täzelikler

10:5928.03.2022
0
22948

1. Täjigistan şu ýylyň başky iki aýynda Türkmenistan bilen söwda dolanyşygyny möçberini 6 esseden gowrak artdyrdy. Söwdanyň artmagy GDA ddöwletleri bilen söwda dolanyşygynyň umumy artyşynyň netijesinde bolup geçdi.
Ýanwar-fewral aýlarynda 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýurtda söwdanyň möçberi 47,1% artdy.

2. Hytaýyň Agyr atletika assosiasiýasy 2022-nji ýylda Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny geçirmekden ýüz öwürdi we ýaryşlary guramak hukugyny başga ýurtlara bermäge razy boldy. Ýaryş Çunsinde 18-27-nji sentýabrda geçirilmelidi.
IWF-niň ýerine ýetiriji geňeşi çempionaty kabul etmek hukugyna täze dalaşgärleri gözläp başlandygyny yglan etdi.

3. Turkmenportal priloženiýasynyň işindäki Android ulanyjylarynda ýüze çykan bökdençlikler aradan aýryldy. Bu näsazlygy özbaşdak düzedip bolýar. Munuň üçin şulary etmeli:

  • «Nastroýki» — «Priloženiýa» geçmeli;
  • Priloženiýalaryň sanawyndan Turkmenportal-y tapmaly we onuň sahypasyny açmaly;
  • «Pamýat» diýen bölüme geçip, «Oçistit dannyýe» etmeli.

4. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby instituty zenan raýatlary okuwa çagyrýandygyny yglan etdi. Dalaşgärleriň orta bilimi bolmaly. Olar 21 ýaşdan geçmeli däl.
Dalaşgärler okuwa girmegiň tertibi boýunça giňişleýin maglumat almak üçin etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň harby wekilliklerine ýüz tutup bilerler.

5. Türkmenistandan Hytaýa ugran ilkinji konteýner otlusy Gazagystandan geçip, barmaly nokadyna bardy.
Gips ýüklenen 42 sany kyrk futluk konteýnerler düzümi Akýaýla (Türkmenistan) stansiýasyndan ugur aldy, ondan soň Hytaý bilen serhede çenli 4150 km ýol geçip, Gazagystanyň çäginden geçip girdi.

6. Türkmenistan BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy. ÝUNSITRAL halkara söwda hukugyna ýardam etmek maksady bilen 1966-njy ýylda döredilip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň kömekçi edarasy bolup durýar.

7. «Türkmenistan» awiakompaniýasy iOS we Android ulgamly enjamlar üçin mobil priloženiýasynyň täze görnüşini çykardy. Täzelenen görnüşde programmanyň dizaýny üýtgedildi, şahsy otag we täze funksiýalar goşuldy, ulgam kämilleşdirildi.
Priloženiýanyň kömegi bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ýolagçylary smartfonyň ýa-da planşetiň kömegi bilen awiapetekleri satyn alyp biler, gatnawlaryň rejesi, ýükleri daşamagyň düzgünleri we gatnadyjynyň nyrhlary bilen tanşyp bilerler.

8. Chery awtotomobil gurluşyk kompaniýasy 2022-nji ýylyň tomsundan Özbegistanyň bazaryna çykýar. Başlangyç tapgyrda Chery-niň dört görnüşini – Arrizo 6 Pro, Tiggo 4 Pro, Tiggo 7 Pro we Tiggo 8 Pro satuwyny meýilleşdirýär.
Chery Group-yň önümlerinden tutuş dünýäde umumylykda 10 milliondan gowrak awtomobilçi peýdalanýar. Ulanyjylaryň sany boýunça Hytaýdan başga, ilkinji üçlüge Russiýa, Braziliýa we Çili girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň