Soňky habarlar

Arhiw

Ýoldaşlyk duşuşyklarynda Bahreýn Burundini, Singapur Malaýziýany ýeňdi

23:5526.03.2022
0
5008

Şu gün Muharrak şäherindäki «Şeýh Ali bin Mohammed» stadionynda Bahreýniň we Burundiniň futbol ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Duşuşykda ýer eýeleri Kamil al-Aswadyň goly bilen 1:0 hasabynda üstün çykdylar.

Bahreýniň ýygyndysy indiki ýoldaşlyk duşuşygyny 29-njy martda Belarusyň ýygyndysy bilen geçirer.

Şeýle hem Singapur bilen Malaýziýanyň futbol ýygyndylarynyň arasynda-da ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Singapur şäherindäki Milli stadionda geçirilen duşuşykda ýer eýeleri 2:1 hasabynda üstün çykdylar.

Singapuryň gollarynyň ikisini hem 22 ýaşly hüjümçi Ishan Fandi geçirdi. Malaýziýanyň ýygyndysynda bolsa Liridon Krasniki tapawutlandy. 47-nji minutda Malaýziýanyň ýygyndysynda Safawi Rasid 11 metrlik jerime urgusyndan tapawutlanyp bilmedi.

Bu ýoldaşlyk duşuşyklary Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryna taýýarlygyň çäklerinde geçirildi.

Bahreýniň we Malaýziýanyň ýygyndyarynyň saýlama tapgyrda türkmen futbolçylarynyň garşydaşygydygyny ýatladýarys. Bije çekişlige görä, bu ýygyndylar «E» toparçada ýaryşar. Toparçada Bangladeşiň ýygyndysy hem bar. Saýlama tapgyryň duşuşyklary 8, 11 we 14-nji iýunda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň