«Nowruz kubogynda» Täjigistanyň futbol ýygyndysy Ugandadan 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde utuldy

23:5325.03.2022
0
2817

«Nowruz kubogy» atly halkara futbol ýaryşynyň ýarym finalynda Täjigistanyň ýygyndysy Ugandanyň ýygyndysyna 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde boýun egdi. Bu barada Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

Duşuşyk Özbegistanyň Namangan şäherindäki Merkezi stadionda geçirildi. Esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşygyň ykbaly 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde kesgitlenildi. Urgularda 5:4 hasabynda Ugandanyň ýygyndysy rüstem geldi.

Duşuşykda Ugandanyň goluny 8-nji minutda Emmanuel Arnold Okwi, Täjigistanyň goluny bolsa Alişer Jalilow geçirdi. Ykbal kesgitleýji 11 metrlik jerime urgularyny Täjigistanyň futbolçylary Alijon Aýni we Zoir Jurabaýew nädürs ýerine ýetirdi. Beýleki ýarym final duşuşygynda Özbegistanyň ýygyndysy Gyrgyzystany 3:1 hasabynda ýeňip, finala çykdy.

Ýaryşyň üçünji orny ugrundaky duşuşyk 29-njy mart güni sagat 15:30-da başlanar. Bu duşuşykda Täjigistan bilen Gyrgyzystan güýç synanyşar. Şol gün geçiriljek finalda bolsa arzyly kubok üçin Uganda bilen Özbegistan göreşer.

«Nowruz kubogynyň» Özbegistanyň Futbol assosiasiýasy tarapyndan geçirilýändigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň