Aşgabatda az-kem ýagyşly howa bolar

09:0026.03.2022
0
3482

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 26-njy martda Aşgabatda hem-de welaýatlarda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty.

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +9... +14°, kenarýaka etraplarynda +5... +10° maýyl bolar.

Türkmenbaşy şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 755 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Awazada: howa +7... +9°, basyşy 763 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Balkanabat şäherinde: howa +9... +11°, basyşy 762 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +8°, gündizine +11... +16° maýyl bolar.

Änew şäherinde: howa +12... +14°, basyşy 739 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Tejen şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 743 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +10°, gündizine +11... +16° maýyl bolar.

Mary şäherinde: howa +14... +16°, basyşy 741 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Baýramaly şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 740 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +11°, gündizine +12... +17° maýyl bolar.

Türkmenabat şäherinde: howa +13... +15°, basyşy 745 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Kerki şäherinde: howa +15... +17°, basyşy 740 mm, çyglylygy 40 — 60%.

Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günbatardan tizligi sekuntda 9 — 14 metr, käýerlerinde 19 metre çenli ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +7°, gündizine +7... +12° maýyl bolar.

Daşoguz şäherinde: howa +10... +12°, basyşy 751 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Köneürgenç şäherinde: howa +8... +10°, basyşy 753 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň