Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky hususy kärhana gapy panellerini öndürmegi meýilleşdirýär

09:4126.03.2022
0
7659

Aşgabat şäheriniň «Täze zaman» ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän «Türkmen penjire» hojalyk jemgyýeti 2018-nji ýylyň sentýabrynda işe girişdi. Kärhanada Awstriýanyň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylyp, bu ýerde gapylar we penjireler üçin niýetlenen PWH (poliwinilhlorid) profilleriň önümçiligini alyp barýar. Kärhananyň ýyllyk kuwwatlylygy 3 müň tonna barabardyr. Hususy kärhanada önümçilik buýurmalar esasynda alnyp barylýar. Ýakyn geljekde bu hususy kärhanada galyňlygy 2 santimetre, uzynlygy 6 metre, ini 10 santimetre deň bolan gapy panellerini (lambri) öndürmek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi web saýtynda habar berilýär.

«TMPEN» haryt nyşany bilen öndürilýän profil önümleri ýokary hilliligi, sowugy, yssyny geçirmeýändigi bilen tapawutlanýar. Önümleriň şeýle aýratynlyklary olary uzak wagtlap ulanmaga mümkinçilik döredýär. Olaryň 3 we 4 kameraly, ýüzi laminirlenen (mebel) görnüşleri bar. Profilleriň uzynlygy 6 metre, ini 6 santimetre deňdir. Gapylar we penjireler üçin niýetlenen profilleri welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň gurluşyk harytlary dükanlaryndan almak bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň